Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, täzeçil, öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi, şol sanda ätiýaçlandyryş işi babatda halkara standartlaryny hasaba almak bilen kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde çykaran 1190-njy Karary bilen “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibi” tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Türkmenistanyň fiziki we ýuridiki şahslary bilen Türkmenistanda hasaba alnan we onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridiki şahslary, olaryň şahamçalaryny we wekilhanalaryny goşmak bilen, şeýle hem, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtlaryň fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlary bilen Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýar.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň düzüminde iri töwekgelçilikleri ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş bölümi hereket edýär, bu bölümiň işi iri töwekgelçilikleri ygtybarly ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmeklige gönükdirlendir.
Hormatly raýatlar we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary!
Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyryş polislary resmileşdirmegiňizi Size ýatladýarys.