+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Türkmenistanda ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleriniň kanunçylygy kämilleşdirilýär

 Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, täzeçil, öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi, şol sanda ätiýaçlandyryş işi babatda halkara standartlaryny hasaba almak bilen kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 26-njy iýunynda çykaran 1287 belgili Karary bilen “Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnama” tassyklanyldy.

Düzgünnamada talaplar we adalgalar häzirki döwürde hereket edýän kanunçylyga laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Ätiýaçlandyryşyň bu görnüşi boýunça ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde ätiýaçlandyryş goragyny amala aşyrmakda halkara tejribesi we milli ykdysadyýetimiziň aýratynlyklary nazara alyndy hem-de ätiýaçlandyryşyň obýekti, ätiýaçlandyryş halaty, ätiýaçlandyryş pul möçberi, ätiýaçlandyrýanlaryň ätiýaçlandyryjylaryň hukuklary we borçlary ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi anyk kesgitlenildi.

Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri, saglygy we zähmete ukyplylygy (maýyplyk almagy) bilen baglanşykly bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda önümçilikde bolup geçen betbagtçylykly hadysanyň we hünär keseliniň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri, saglygy we zähmete ukyplylygy (maýyplyk almagy) ätiýaçlandyryş halatyna degişlidir.

Önümçiligiň zyýanly şertleriniň täsiriniň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň dowamly ýa-da ýiti kesellemegi we onuň hünär zähmet çekmek ukybynyň wagtlaýyn ýa-da durnukly ýitirilmegine alyp barmagy hünär keseli bolup durýar.

Hökmany ätiýaçlandyryş işgäriň ätiýaçlandyryş babatda goraglylygyny üpjün etmegi we zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň netijesinde onuň ömrüne, saglygyna we zähmete ukyplylygyna (maýyplyk almagyna) zyýan ýetmegi üçin ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi maksat edinýär.

Ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny kepillendirmek, taraplaryň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek hem-de hökmany ätiýaçlandyryş amala aşyrylanda kanunçylygy berjaý edilmegi hökmany ätiýaçlandyryşyň esasy ýörelgeleri bolup durýar.

Düzgünnama laýyklykda guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslaryň, Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslarynyň, olaryň şahamçalarynyň we wekillikleriniň, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan, bellenilen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan, hakyna tutma zähmeti ulanýan we işgär bilen zähmet gatnaşyklaryna girýän fiziki şahslaryň ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri hökmany ätiýaçlandyryşa degişlidir.

Ätiýaçlandyrýanlar “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanan Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan ýokary töwekgelçilikli işleriň (önümçilikleriň) we işgärler toparynyň Sanawyna degişli işgärlerini öz serişdeleriniň hasabyna ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmäge borçludyrlar.

Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsa (bähbit görüjä) tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi), önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysa we hünär keseli sebäpli işgärlere berilýän kepilliklere we öwezini dolmalara, döwlet kömek pullaryna we beýleki ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça tölenilmäge degişli bolan ätiýaçlandyryş pul möçberlerine garamazdan tölenilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary meýletin görnüşleriniň 42 sany Kadalary we hökmany görnüşleriniň 6 sany Dügünnamalary boýunça hyzmatlary hödürleýär. Ätiýaçlandyryşyň bu görnüşlerinden fiziki we ýuridiki şahslar ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak bilen emläk, şahsy we raýat-hukuk jogapkärçilik bähbitlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün ederler.

Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen çuň manyly taglymatyndan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy fiziki we ýuridiki şahslara ýokary derejedäki amatly şertleri bolan hyzmatlary amala aşyrmagy maksat edinýär.