+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Türkmenistanda ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleriniň kanunçylygy kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, täzeçil, öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi, şol sanda ätiýaçlandyryş işi babatda halkara standartlaryny hasaba almak bilen kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş bazarynyň kanunçylygy kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde çykaran 1190-njy Karary bilen “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibi” tassyklanyldy.

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş

      Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Türkmenistanyň fiziki we ýuridiki şahslary bilen Türkmenistanda hasaba alnan we onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridiki şahslary, olaryň şahamçalaryny we wekilhanalaryny goşmak bilen, şeýle hem, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtlaryň fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlary  bilen Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýar.

Iri töwekgelçilikleri ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň düzüminde iri töwekgelçilikleri ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş bölümi hereket edýär, bu bölümiň işi iri töwekgelçilikleri ygtybarly ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmeklige gönükdirlendir. 

Ätiýaçlandyryş-bähbitli hyzmatdaşlyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda ätiýaçlandyryş işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Ätiýaçlandyryşyň hut özi ätiýaçlandyrýanlary maliýe we durmuş babatynda düýpli özgermelerden, dürli tebigy hadysalardan we betbagtçylyklardan, ekologiki taýdan zyýanly önümçiliklerden goramaga ukyply serişdeleriň birine öwrülýär.
Hormatly raýatlar we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary!

Hormatly raýatlar we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary!

Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyryş polislary resmileşdirmegiňizi Size ýatladýarys.

Hormatly ene-atalar! Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Siziň okuwçy çagalaryňyzy betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin çagyrýar